Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 26:10 - Mukaddes Kitap

10 Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Иса муны билип, олара шейле дийди: «Нәме үчин аялы ынҗадярсыңыз? Ол Мениң үчин аҗайып иш этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 26:10
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men olara Hudaýymyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.


Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?


Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.


Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler.


Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.


Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi.


Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr.


Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar.


Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!


Mundan beýläk hiç kim maňa şu zatlar babatda azar bermesin! Sebäbi meniň bedenimde Isa Mesihe degişlidigimi görkezýän ýara yzlary bardyr.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


«Kim ýygnagyň ýolbaşçysy bolmagy ýüregine düwen bolsa, asylly işe ymtylýandyr» diýip aýdylan söz gaty dogrudyr.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ