Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 25:32 - Mukaddes Kitap

32 Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Әхли миллетлер Онуң хузурына йыгнанарлар, чопаның гоюнлары гечилерден сайлайшы ялы, Ол хем олары бири-биринден сайлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 25:32
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä, erbetler höküm çykarylanda, günäliler-de dogrular mejlisinde durup bilmezler.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Ýahudy däller Musanyň Kanuny barada bilmeýärler. Emma olar hem Hudaýyň buýruklaryny bozsalar, ölerler. Ýahudylar bolsa Musanyň Kanunyny bilýärler. Şoňa görä-de, olar eden günäleri üçin bu Kanuna laýyklykda höküm ediler.


Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ