Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 25:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Олар яг сатын алмага гиден вагты гиев гелйәр. Тайяр дуран гызлар онуң билен биле тойхана гиренлеринден, гапы япыляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 25:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy.


Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.


Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.


Ýary gije: „Anha, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!“ diýen batly ses eşidilýär.


Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.


Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ