Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 25:1 - Mukaddes Kitap

1 «Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Шонда Гөгүң Шалыгыны чыраларыны алып, гиеви гаршыламага чыкан он гыза меңзетсе болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 25:1
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Eý, Iýerusalim gyzlary! Size ýalbarýaryn, ýarymy görseňiz aýdyň, yşkdan heserländirin.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär.


Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir.


Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir.


Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr.


Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir.


«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir.


Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler.


Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra ýanyp durdy.


Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.


Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.


Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Gökden alawlap ýanýan ot ýaly äpet bir ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw gözbaşlaryna gaçdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ