Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:9 - Mukaddes Kitap

9 Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Соңра сизи ызарланмалара сезевар эдерлер, өлдүрерлер, Мен себәпли әхли миллетлер сизи йигренерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:9
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.


Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.


Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň.


Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.


Kim mesihi bolup ejir çekýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ