Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:7 - Mukaddes Kitap

7 Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Миллет миллете, патышалык патышалыга гаршы чыкар. Айры-айры ерлерде ер титремелер, ачлыклар йүзе чыкар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.


«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar.


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Men ýokarda, asmanda mugjyzalar, aşakda, ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


Guzy üçünji möhüri döwende, üçünji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Görsem, ine, bir gara at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde bir terezi bardy.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ