Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:5 - Mukaddes Kitap

5 Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Көплер Мениң адым билен гелип: „Мен Месих“ дийип, энчеме адамлары алдарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!


Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz.


Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi.


Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.


Muny ykrar etmeýän adam Hudaýdan däldir. Bu adam Mesihiň duşmanydyr. Siz bu duşmanyň geljekdigini eşidensiňiz. Ine, ol eýýäm bu dünýädedir.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ