Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme?
Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.
Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.
Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.