40 Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
40 Шонда экин мейданында ики адам болар, бири алнар, бири гойлар.
Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar.
Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!
Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.