Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:30 - Mukaddes Kitap

30 Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Шонда гөкде Ынсан Оглуның аламаты гөрнер. Ер йүзүндәки әхли халклар яс тутуп перят эдерлер. Ынсан Оглуның бейик гудрата ве шөхрата бесленип, гөгүң булутларында гелйәнини гөрерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:30
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.


Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


«Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar.


Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi.


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ