Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:3 - Mukaddes Kitap

3 Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Соңрак Иса еке Өзи Зейтун дагында отырка, шәгиртлери Онуң янына гелип: «Бизе айтсана, бу затлар хачан болар? Сениң гелмегиңи ве дүнйәниң ахырыны гөркезйән аламат нәхили болар?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler.


Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,


Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.


Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelenlerinde, Isa iki şägirdini öňden ýollap, olara:


Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.


Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar.


Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ