Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:27 - Mukaddes Kitap

27 Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ынсан Оглуның гелши гүндогарда чакып, гүнбатарда хем гөрүнйән йылдырым ялы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:27
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.


Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, ýyldyrym çakdyryp bilermiň?


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdular.


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň.


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.


Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.


Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.


Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ