25 Ine, Men size öňünden aýtdym.
25 Ине, Мен сизе өңүнден айтдым.
Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.
Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.
Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň.
Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.
Men size bu zatlary imandan dänmezligiňiz üçin aýtdym.
Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.