Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:24 - Mukaddes Kitap

24 Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Чүнки галп месихлер ве галп пыгамберлер дөрәп, сайлананлары-да мүмкин болдугыча аздырҗак болуп, бейик аламатлардыр мугҗызалар гөркезерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:24
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Çünki çagyrylanlar köp, emma saýlananlar azdyr».


Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.


Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Oňardygyňyzdan hemmeler bilen parahat ýaşajak boluň.


Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!


Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler,


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.


Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr, şeýtan olara el gatmaz.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ