Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:21 - Mukaddes Kitap

21 Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Чүнки ол гүнлерде шейле бир элхенч мушакгатлар болар велин, дүнйәниң башындан тә шу вагта ченли мунуң ялы зат болан дәлдир, хич хачан болмазам.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:21
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ