20 Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň.
20 Гача-гачлыгыңыз гышда я-да Сабат гүни болмасын дийип дилег эдиң.
Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi.
Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe!
Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy.