Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:15 - Mukaddes Kitap

15-16 Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15-16 Шонуң үчин хем вейранчылык гетирйән йигренҗи задың мукаддес ерде дикиленини гөрениңизде, Яхудыядакылар даглара гачсын. Хава, Даныел пыгамбериң айданларына окыҗы догры дүшүнсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:15
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“.


Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».


Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün:


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.


Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.


Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ