Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 24:14 - Mukaddes Kitap

14 Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Патышалыгың бу Хош Хабары әхли миллетлере шаятлык хөкмүнде дүнйәниң әхли еринде вагыз эдилер, диңе шондан соң дүнйәниң ахыры гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 24:14
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.


Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.


Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer.


Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.


Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.


Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir.


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Soňra iblis Isany bir belent ýere çykaryp, Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny görkezdi.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal».


Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin.


Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


Biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi Hudaý perişdelere tabyn etmedi.


Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ