13 Emma soňuna çenli çydan halas bolar.
13 Эмма соңуна ченли чыдан халас болар.
Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.
Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.
Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.
Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.
Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.
Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.
Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.
Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.
Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.
Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.