Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ер йүзүнде хич киме „ата“ диймәң, себәби сизиң бир Атаңыз бардыр, Ол хем гөкдедир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.


Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi.


Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Özüňize „baştutan“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Baştutanyňyz bardyr, Ol hem Mesihdir.


Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


«Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ