Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:7 - Mukaddes Kitap

7 bazarlarda salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmeklerini halaýandyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 базарларда салам алмагы, адамларың өзлерине „мугаллым“ диймеклерини халаяндырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:7
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazarlarda oturyp, başgalara: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi.


Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.


Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini,


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi.


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz.


Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir).


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Şägirtleri Oňa: «Eý, mugallym, ýahudylaryň baştutanlarynyň Seni daşlajak bolanlary ýaňy dälmidi?! Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler.


Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler.


Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler.


Ony kölüň aňry tarapyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.


Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ