Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Олар әхли эдйән затларыны гөз үчин эдйәндирлер. Төврат аятлар гутуҗыгыны гиңелдип, донларының готазларыны узалдяндырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu oňa: «Meniň bilen git-de, Rebbe wepalydygymy gör» diýdi. Şeýdip, Ýehuwyň adamlary Ýehonadaby onuň söweş arabasyna mündürdiler.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Sadyk söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.


Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn.


Şol wagt on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal Isanyň arka tarapyndan gelip, Onuň donunyň syýyna elini degirdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?


Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur.


Rebbiň bu sözlerini ýüregiňize hem kalbyňyza siňdiriň. Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň.


Egniňize geýýän donuňyzyň burçlaryna gotaz tikiň.


Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.


Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ