Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар агыр, гөтермеси кын йүклери баглап, адамларың гершине гойяндырлар, йөне өзлери бу йүклери гөтермек үчин, бармагыны хем гымылдатмак ислейән дәлдирлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetirip, berjaý ediň, emma olaryň edenlerini etmäň, sebäbi aýdýan zatlaryny özleri edýän däldirler.


Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.


Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy?


Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük:


Emma sünnetlenmäniň tarapdarlarynyň özleri-de Mukaddes Kanuny berjaý edýän däldir. Olar siziň sünnetlidigiňiz babatda magtanmak üçin, sizi sünnetletjek bolýarlar.


Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.


Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ