32 Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi!
32 Бейле болса, ата-бабаларыңызың башлан ишлерини тамамлаң инди!
Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».
Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.
Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.
Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“».
Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!
Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz.
Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?