Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:23 - Mukaddes Kitap

23 Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Вай халыңыза, Төврат мугаллымлары ве фарисейлер! Эй, икийүзлүлер! Сиз нарпыздан, арпабадыядан ве зиреден ондан бир бөлеги берйәрсиңиз, эмма Мукаддес Кануның хас ваҗып ишлерини: адыллыгы, рехимдарлыгы, иманы ташлаярсыңыз. Буларың бирини берҗай эдип, бейлекилерини ташламалы дәлсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:23
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.


Ýeri tekizlänlerinden soň, künji, zire sepmeýärlermi? Bugdaýy hatarlaýyn, arpany öz ýerinde, ýazlyk bugdaýy-da öz ýerinde ekmeýärlermi?


Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.


Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.


Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ