Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 23:13 - Mukaddes Kitap

13 Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Вай халыңыза, Төврат мугаллымлары ве фарисейлер! Эй, икийүзлүлер! Сиз Гөгүң Шалыгына гирмәге адамларың өңүни баглаярсыңыз, оңа не өзүңиз гирйәрсиңиз, не-де гирҗеклере ёл берйәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 23:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz pygamberleriň guburlaryny dikip we dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp:


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».


Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.


Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ