Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 22:5 - Mukaddes Kitap

5 Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эмма олар үнс хем бермейәрлер, бири өз экин мейданына гидйәр, ене бири өз сөвдасының угрунда гезйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 22:5
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Ýakup Ysawa nan hem gyzyl merjimek çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär.


Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.


Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.


Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.


Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler adamy ölüme eltýär. Mukaddes Ruhdan döreýän pikirler bolsa ýaşaýyş we parahatlyk berýär.


haýyn, göçgünli, gopbamsy bolup, keýpi-sapany Hudaýdan köp söýerler.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ