33 Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
33 Мәхелле муны эшидип, Онуң таглыматына хайран галды.
Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.
Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?
Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar.
Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.