Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 22:17 - Mukaddes Kitap

17 Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ханы, бизе айт, Сениң пикириңче, императора салгыт төлемек догрумы я догры дәл?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 22:17
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.


Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.


Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk.


Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady.


Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler?


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.


Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Ýudas orta çykdy we ençeme adamy öz yzyna düşürdi. Emma ol hem öldürilenden soň, yzyna eýerenleriň hemmesi dargady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ