Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 22:16 - Mukaddes Kitap

16 Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Хиродың тарапдарларының бирнәчесини Онуң янына ибердилер. Олар Исадан: «Мугаллым! Биз Сениң догручылдыгыңы, Худайың ёлуны хакыкат билен өвредйәндигиңи, хич киме тарапгөйлик этмейәндигиңи билйәрис, себәби Сен адамларың дереҗесине бакмаярсың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 22:16
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?


Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.


Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.


Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


«Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr.


Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy.


Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi.


Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.


Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.


Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.


Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ