Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 22:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Онсоң патыша хызматкәрлерине: „Эл-аягыны даңың-да, оны дашары, гараңкылыга ташлаң, ол ерде агы ве диш гыҗама болар“ диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 22:13
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Şeýle hem ol goşunyndaky iň güýçli esgerlere Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň el-aýagyny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşlamaklaryny buýurdy.


Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.


bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.


Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.


lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.


Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.


Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.


Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar.


Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ