Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:5 - Mukaddes Kitap

5 «Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Эй, Сион гызы! Патышаң, ине, саңа тарап гелйәр. Ол бир эшеге, эшегиң-де тайхарына мүнүп, пес гөвүнлилик билен саңа тарап гелйәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:5
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.


Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň.


Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.


Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.


„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».


Şägirtler gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.


Muny aýdyň, adamlar, ak eşek münüp gelýänler, haly-palaslarda oturanlar, ýoldan geçip barýanlar!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ