Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:41 - Mukaddes Kitap

41 Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Олар Иса: «Бу пис адамлары айылганч өлүме сезевар эдер ве үзүмчилигини болса мивесини вагтында өзүне берҗек башга кәрендечилере берер» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:41
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär.


Indi üzümçiligiň eýesi gelip, bu kärendeçilere näme eder?»


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ