Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:31 - Mukaddes Kitap

31 Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Буларың икисинден хайсысы какасының ислегини ерине етирди?» Олар: «Биринҗиси» дийип җогап бердилер. Иса олара: «Сизе догрусыны айдярын, салгытчылар ве лолулар Худайың Шалыгына сизден өң гирерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:31
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň, dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.


«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz.


Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.


Ýaňky adam ikinji oglunyň ýanyna baryp, oňa-da şol sözi aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn, bararyn!“ diýip jogap berýär, emma gitmeýär.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?


Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ