Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:26 - Mukaddes Kitap

26 Ynsandan diýmäge-de halkdan gorkýarys, sebäbi hemmeler Ýahýany pygamber saýýar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ынсандан диймәге-де халкдан горкярыс, себәби хеммелер Яхяны пыгамбер сайяр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:26
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?


Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr.


Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Ýahýa suwa çümdürmäge ygtyýary nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady. Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer.


Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy.


Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.


Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.


Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ