Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:23 - Mukaddes Kitap

23 Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Иса ыбадатхананың ховлусына гелип, сапак берип отырка, ёлбашчы руханылар, халкың яшулулары Онуң янына гелип: «Сен бу затлары хайсы ыгтыяр билен эдйәрсиң? Саңа бу ыгтыяры ким берди?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:23
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.


Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler.


Isa olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn.


Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler.


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.


Olar Petrus bilen Ýohannany ortada durzup: «Siz muny haýsy gudrat bilen, kimiň adyndan etdiňiz?» diýip soradylar.


Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ