Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:19 - Mukaddes Kitap

19 Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ёлуң гырасында бир инҗир агаҗыны гөрүп, онуң янына гелди, эмма онда япракдан башга хич зат тапмады. Иса агаҗа: «Мундан бейләк сенде асла миве битмесин!» дийди. Инҗир агаҗы шол пурсадың өзүнде гурады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:19
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.


Olaň hasylyny wes-weýran ederin, üzüm şahalary-da, injir agajy-da miwe bermez, hatda ýapraklary-da gurar. Olara näme beren bolsam, ellerinden alnar». Muny Reb aýdýandyr.


Şägirtler muny görüp: «Injir agajy şol pursadyň özünde nädip gurady?» diýşip haýran galdylar.


Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.


Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.


Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ