Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 21:15 - Mukaddes Kitap

15 Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ёлбашчы руханылар билен Төврат мугаллымлары Онуң гөркезен гудратларыны ве ыбадатханада: «Давут Оглуна алкыш!» дийип гыгырян чагалары гөренлеринде газаба мүндүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 21:15
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler.


Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,


Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar.


Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.


Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.


Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy.


Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.


Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.


Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.


Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ