Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.
Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi.