Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 20:8 - Mukaddes Kitap

8 Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Агшам дүшен чагы, үзүмчилигиң эеси өз иш доландырыҗысына: «Гүнлүкчилери чагыр-да, иң соңкулардан башлап, илкинҗилере ченли хакларыны төле» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 20:8
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.


Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler.


Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.


Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.


Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar.


Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda teläriň astynda diňe bir salym dynç aldy» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ