27 Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
27 Ким илкинҗи болмак ислейән болса, хеммәңизиң гулы болсун.
Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.
Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun.
Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn.
Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!
Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?
Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.