Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 20:21 - Mukaddes Kitap

21 Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Иса аялдан: «Нәме ислейәрсиң?» дийип сорады. Аял Иса йүзленип: «Өз Шалыгыңда мениң бир оглумың Сениң сагыңда, бейлекисиниң болса чепиңде отурмагыны эмр эт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 20:21
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy.


Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.


Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady.


Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi.


«Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerim açylsyn!» diýdi.


Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy.


Olar öz arasynda haýsy birisiniň iň beýikdigi hakda jedelleşdiler.


Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.


Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ