Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 20:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол гүнлүкчилер билен бир гүнлүк иш хакыны бир күмүш теңңә разылашып, олары өз үзүмчилигине ёллаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 20:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.


Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar.


Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir.


Ýer eýesi olaryň birine şeýle jogap berýär: «Eý, dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok. Sen meniň bilen bir kümüş teňňä razylaşmadyňmy näme?


Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär.


Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar.


Maňa salgyt puluny görkeziň» diýdi. Olar Isa bir kümüş teňňe getirdiler.


Şonda Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az.


Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär.


«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.


Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.


Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ