Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.
Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.