Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:6 - Mukaddes Kitap

6 „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 „Эмма сен, эй, Яхуда юрдундакы Бейтуллахам! Яхуда хөкүмдарларының арасында асла кичиси дәлсиң сен. Чүнки сенден бир Хөкүмдар чыкар, халкым Ысрайылың чопаны болар“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.


Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy.


Beýtullahamyň halky bir ýüz ýigrimi üç adam;


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi.


Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.


Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ