Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Олар шейле җогап бердилер: «Ол Яхудыядакы Бейтуллахам шәхеринде догулмалы, себәби пыгамбер шейле языпдыр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:5
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygy hakynda sorady.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham – obalary bilen bile on iki gala.


Ýahudanyň Beýtullaham galasynda bir ýigit ýaşaýardy. Ol lewi tiresindendi.


Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.


Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.


Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.


Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun!


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ