Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygy hakynda sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол әхли ёлбашчы руханылары, Төврат мугаллымларыны йыгнап, олардан Месихиң ниреде догулмалыдыгы хакында сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:4
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünde Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi.


Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.


Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler.


Sallu, Amok, Hilkiýa, Ýedaýa. Ýeşuwanyň döwründe bular öz doganlarynyň we ruhanylaryň baştutanlarydylar.


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz: „Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“? Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren hilegär kanunçylaryň galamydyr.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.


Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.


sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.


Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan aýyplaýardylar.


Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar.


Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler.


Ertesi gün ýahudylaryň ýolbaşçylary, ýaşululary we Töwrat mugallymlary Iýerusalime ýygnandylar.


Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ