Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Ол ере барып, Насыра диен шәхерде месген тутды. Шейдип, пыгамберлер аркалы: «Оңа насыралы дийлер» дийип айдылан сөз берҗай болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:23
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.


Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa Ony Iordan derýasynda çümdürdi.


Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine,


Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler.


Ýusup bilen Merýem Musanyň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar.


Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy.


Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler.


Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ