Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 2:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Яхудыларың патышасы болуп доглан ниреде? Биз Онуң доглуш йылдызыны гөрдүк ве Оңа сежде этмәге гелдик» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 2:2
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi.


Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.


Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ