Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.
Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».